RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Noý

TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ GIŇIŞLIGINDE WE ONUŇ ÇÄGINDEN DAŞARDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ PUGTALANDYRYLMAGYNY GOLDAÝANDYR

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen şu günki mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi. Öz çykyşynyň dowamynda Wise-premýer Türkmenistanyň anaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenilip düzülen we 2019...

DOWAMY
pic
7 Noý

TÜRKMENISTAN GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ GATNAŞMAGYNDA KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄNDIR

Şu gün, 6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki işleriň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer aýratynlyklaryna seredilip geçildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow assosiirlenen agzasy hökmünde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň...

DOWAMY
pic
6 Noý

GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GÖNI WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Idaýat ogly Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministri S.Žaparow, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Ru...

DOWAMY
pic
6 Noý

«CASE NEW HOLLAND» AMERIKAN KOMPANIÝASY BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda «Case New Holland» amerikan kompaniýasynyň Kawkaz, Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça işewürligiň ösdürilmegi boýunça direktory Stýuart Kempbel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Suw hojalygy döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow hem-de bu edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy w...

DOWAMY
pic
6 Noý

WIDEOŞEKILLI MASLAHATYŇ DOWAMYNDA “TOKIO-2020” TOMUSKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNA TAÝÝARLYK GÖRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň “Tokio-2020” Tomusky Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň hem-de Milli Olimpiýa komitetleri we Milli Paraolimpiýa komitetleri bilen işleşmek gullugynyň başlygy Toru Kobaýaşi bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.   COVID-19 global pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla geçirilen “Tokio -2020” Tomusky Olimpi...

DOWAMY
pic
5 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNYŇ FEDERAL PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Wena şäherinde bolup geçen, terrorçylykly hereketleriň pajygaly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. “Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar. Hormat...

DOWAMY
pic
5 Noý

RESMI HABAR

Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri we ýarym tirkegleri bilen ýük daşamagy düzgünleşdirmek we ulaglar ulgamynyň halkara gatnawlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyga (Aşgabat Ylalaşygyna) hem-de Üstaşyr w...

DOWAMY