SOŇKY HABARLAR
TARYH, DÄPLER, HÄZIRKI DÖWÜR: SERGI HAKDA SÖHBETDEN PARÇALAR
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Nakgaşlar taryhy ýordumlary, eziz Diýaryň gözelligini şekillendirýän nepis manzarlary, türkmen topragynyň sahawatyny wasp edýän natýurmortlary, çylşyrymy fakturaly gobelenleri, portretler tapgyryny, nepis şaý-sepleri we elde ýasalan dizaýnerlik önümleri... şanly senä bagyşlapdyrlar. Aýa Serhenowanyň döredijiliginiň muşdaklary tanymal nakgaşyň täze işleri...
RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ SÖWDA-SENAGAT PALATASY BILEN GATNAŞYKLARYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsuly Güýç Garaýewiň «Астраханская торгово-промышленная палата» Birleşiginiň prezidenti Tatýana Şateýewa bilen duşuşygy boldy. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şol sanda telekeçilik bileleşikleriniň derejesinde işjeňleşdirmek we telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşiniň onlaýn-görnüşde mejlisini geçirmek – gepleşikleriň esasy temasy boldy. Tatýana Şateýewa söhbetdeşligiň barşy...
FOTOREPORTAŽ: TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALAR
Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilmegi mynasybetli Aşgabatda harby ýöriş, şeýle hem «Galkynyş» at üstünde milli oýunlar toparynyň, sahna ussatlarynyň, belli aýdymçylaryň we tans toparlarynyň çykyşlary üýtgeşik röwüş beren özboluşly baýramçylyk dabarasy boldy. Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar....
GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN ŞAHYRANA ŽIWOPIS ESERLERI
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan tematiki sergisi çeper metaforalar dili bilen ýurdumyzyň iň täze taryhynyň şanly senesi barada gürrüň berýär. Abadanlygyň we uly möçberli özgertmeleriň döwrüniň waspyny ýetirýän işler Rahman Umarowyň «Аsudalyk» atly suraty bilen açylýar. Depesinden goşa guw uçup barýan howdanyň asuda suwuna zümerret reňkli derekleriň şekili düşüpdir. Ýumşak reňkleri we çotganyň şahyrana ýeňil yzlary bilen özüne bendi edýän suratyň...
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT ÜÇIN WATAN SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna l...
TÜRKMENISTAN - BMG: ÝER ÝÜZÜNDE AGZYBIRLIGIŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BÄHBIDINE
?Biz özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, parahatçylykly, syýasy gepleşikler ýörelgelerinde halkara tertibiň binýatlaryny gorap saklamakda esasy we aýgytlaýjy orny Birleşen Milletler Guramasy eýelemelidir diýip hasap edýäris. BMG-niň şeýle wezipä eýe bolmagynyň hakykata laýyk gelýändigi şübhe astyna alnyp bilinmez. BMG halkara howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ukyply ýeke-täk halkara guramadyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbangul...
TÜRKMENISTANYŇ PEKINDÄKI ILÇIHANASY HALKARA PARAHATÇYLYK GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
21-nji sentýabrda Pekiniň «Parahatçylyk bagy» (Peace Garden Museum) Muzeýinde diplomatik wekilhanalaryň wekilleri ÝuNESKO, Hytaýyň bütindünýä parahatçylyk gaznasy, Pekiniň halkara medeniýet gaznasy we beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalar bilen bilelikde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanan «Parahatçylyk festiwalyny» geçirdiler. Çärä 300-den gowrak adam, ýene-de Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan onlarça bilermen onlaýn-görnüşde gatnaşdylar. Hytaýyň bütindünýä parahatçyl...