SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly wideomaslahat görnüşinde şu ýylyň ýedi aýynda Hökümet tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda degişli hasabatlar diňlenildi, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi....
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri hem-de döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, bu düzümleriň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we alyp barýan işlerini kämilleşdirm...
TÜRKMEN-TATARSTAN ÖZARAGATNAŞYKLARYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň çarçuwasynda Türkmenistan RF-niň subýektleri bilen netijeli özarahereketleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Işj...
ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR
2020-nji ýylyň 13-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzdaky diplomatik wezipesini tamamlaýan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ungaro bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Italiýa Respublikasynyň Ilçisi öz gezeginde işlemek...
TÜRKMENISTANYŇ KONSULY ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNA KONSULLYK EKZEKWATURASYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň konsuly G.Garaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatory I.Ýu.Babuşkin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine gönükdirilen täze diplomatik wezipesinde üstünlikler arzuw etdi. Soňra taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli pudaklary boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp masla...
Daşky gurşawy goramak häzirki we geljekki nesiller barada aladadyr
Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy mes...
Türkmen okuwçylary onlaýn-olimpiadalarda şowly çykyş etdiler
Sanly tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösmegi netijesinde ýaşlarda dürli derejedäki uzak aralykdan aň-paýhas ýaryşlaryna gatnaşmaga isleg artýar. Munuň şahsyýetiň sazlaşykly ösmegi üçin möhüm ähmiýeti bar, çünki ylmy-tehniki innowasiýalaryň web-platformalarynyň elýeterligi, gaýry ýurtlardaky deň-duşlary bilen tejribe we bilimlerini alyşmaga mümkinçilik, saýry çözgütleri gözlemek gözleglere höwes döredýär, döredijilik hem-de ylmy pikirlenme ukybyny güýçlendirmäge ýardam edýär. Şu ýylyň tomsun...