RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Dek

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUS HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI

2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäginde türkmen-rus söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňky ýyllarda gatnaşyklara güýçli itergi...

DOWAMY
pic
6 Dek

BAKUDA TÜRKMEN-AZERBAÝJAN HYZMATDAŞLYGYNY BERKITMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjana iş sapary bilen bardy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Raşid Meredow azerbaýjan liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuh...

DOWAMY
pic
6 Dek

MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYTÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz...

DOWAMY
pic
6 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-AMERIKAN IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.  «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň düzümine «Bechtel Corporation», «Boeing», «Nicklaus Companies», «Climate Compass», «Case New Holland», «UGT Renewables», «John Deere», «Medtronic plc...

DOWAMY
pic
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY

2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...

DOWAMY
pic
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen «Türkmenistan - ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de «Climate Compass» kompaniýasynyň Baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimu...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ MADDY DÄL MEDENI MIRASYNY GORAMAK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA KOMITETINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 27-nji noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda Marokkonyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji sessiýasy geçirilýär. Mejlise 180 gatnaşyjy ýurduň, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, medeniýet edaralarynyň we dünýäniň ähli döwletlerinden beýleki gyzyklanýan taraplarynyň wekilleri gatnaşýar. Sessiýada türkmen tarapyna Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçisi, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili M.Çaryýew we...

DOWAMY