SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÖZGERTMELER BOÝUNÇA ÝÖRITE MASLAHATÇYSY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bi...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ITALIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Italiýanyň Prezidentiniň resmi kabulhanasy bolan Kwirinal köşgünde Ilçi T.Kömekowyň Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Italýan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi Italiýanyň Prezidenti Serdjo Mattarella Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow...
Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary P.Agamyradowyň we G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň milli ykdysadyýetimize ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak ugrunda alnyp barylýan işler, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň barşy we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň or...
Türkmenistan enäniň saglygyny goramakda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde ykrar edildi
Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan nobatdaky hoş habarda statistiki maglumatlara görä, Türkmenistanyň enäniň we çaganyň saglygyny goramakda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilendigi barada aýdylýar. BMG-niň geçen ýylyň netijelerine beren bahasy boýunça çagany dünýä inderen mahalynda eneleriň ölümi babatda ýurdumyzdaky görkeziji Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça iň pes görkezijileriň biridir. Bu netije hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy...
Medeniýet hepdeligi — 2020: dördünji gün
Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köpöwüşginli çärelere baý boldy. Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli medeni mirasy öwrenmek, ony dünýäde g...
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň onlaýn tertipde geçirilen 19-njy mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlary hem-de geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol hyzmatdaşly...
TÜRKMENISTANYŇ WE MÜSÜRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Şukriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi. Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrliklerin...