RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ WEKILI BÜTINDÜNÝÄ UMMANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN ONLAÝN MASLAHATYNA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Gök ykdysadyýet we COVID-19 pandemiýasy: Täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» tema boýunça Bütindünýä ummanlar gününe bagyşlanan onlaýn görnüşindäki maslahat geçirldi. Bu çärede türkmen tarapyna Hazar deňzi institutynyň direktory M.Atajanow wekilçilik etdi. Bu çäräniň guramaçysy bolup, Halkara ummanlar instituty çykyş etdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar täze koronowirus ýokanjynyň “Gök ykdysadyýete” we Dünýä ummanyna, şol sanda kenarýa...

DOWAMY
pic
4 Iýun

TÜRKMEN-TATAR IŞ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri A.A.Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri E.Annamuhamedow dagylar ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda türkmen-tatarstan hyzmatdaşl...

DOWAMY
pic
4 Iýun

«ENI» ITALÝAN KOMPANIÝASYNYŇ MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA ÝERINE ÝETIRIJI WISE-PREZIDENTI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we «COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen aç...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn! Türkmen halky gadymy...

DOWAMY
pic
3 Iýun

Nusgawy jaz sazlary we ýaş zehinler: improwizasiýaly çykyşlar

Ýekşenbe güni agşam «Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähiniň açyk sahna meýdançasynda jaz sazlarynyň konserti boldy. Onda Wladimir Mrktumow (klawişli saz gurallary), Ýusup Öwezow (klarnet), Igor Şewsow (bas-gitara), Ýusuf Ismailow (gitara), Timur Öräýew (urlup çalynýan saz gurallary) ýaly tanymal sazandalar çykyş etdiler. Tomusky dynç alyş möwsüminiň girişi bolan romantizme we ekletika ýugrulan konsert tomaşaçylary begendirdi. Agşamy açan Lui Primiň «Sing, Sing, Sing» kompozisiýasyny Ýusuf Ism...

DOWAMY
pic
3 Iýun

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI

020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş s...

DOWAMY
pic
2 Iýun

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

Şu gün, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylygyň çäklerinde türkmen Lideri bilen pikir alyşmagyň özi üçin u...

DOWAMY