SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkyn...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Hökümet mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSG-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ADYNA IBEREN HATY BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen t...
DIM-IŇ BINASYNDA TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA BAŞLANGYÇLARYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň weki...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DIPLOMATIK ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BARADA GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasy Uniwersitetiniň (ADA Uniwersitetiniň) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar döwletleriň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine ünsi çekmek bilen, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda emele gelen döwletara gatnaşyklaryň barh...