SOŇKY HABARLAR
«ТÜRKMENAWTOULAGLARY» AGENTLIGINIŇ WE «KAMAZ» JPJ-NIŇ ARASYNDA WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabatda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň we «KAMAZ» Jemagat paýdarlar jemgyýetiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideomaslahata Türkmenistanyň dürli pudak edaralarynyň, şol sanda «Тürkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri we «KAMAZ» JPJ-niň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine seredip geçdiler, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýy...
TÜRKMENISTANYŇ HIMIÝA PUDAGYNY ÖSDÜRMEK UGRUNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-TATAR GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Toplumlaýyn ykdysady ösüş Holdingi dolandyryjy kompaniýasy” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen gepleşikleriň dowamynda himiýa senagaty pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, geçen ý...
WIDEOMASLAHAT GÖRNÜŞINDE GEÇIRILEN DUŞUŞYGYŇ BARŞYNDA ÖZARAHEREKETLERIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aziýa ösüş bankynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideo-maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Wideo-duşuşyga ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle-de Merkezi bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň wekilleri hem-de Aziýa ösüş bankynyň Filippinlerde (Manila ş.) ýerleşen Baş edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahatyň barşynda taraplar ha...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan we Şotlandiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlarynyň wekilleri bolsa karbamidi (“Türkmensenagat eksport - import” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen) satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 325...
«Milli goşun» žurnalynda Watan goragçylarynyň gullugy hakynda
Goranmak ministrligi tarapyndan neşir edilýän «Milli goşun» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usuly neşir ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemegi, giň jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmeleriniň amala aşyrylmagy bilen tanyşdyrmagy ugur edinýär. Žurnalyň nobatdaky sany türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eý...
Aman Amangeldiýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aman Amangeldiýewiň işleriniň sergisi açyldy. Golaýda aradan çykan žiwopisçi aýatda diri gezip ýörenliginde 90 ýaş toýuny toýlamalydy. Sergä gelenler nakgaşyň işleri bilen tanyşlygy onuň 1979-njy ýylda çeken awtoportretinden başlaýarlar. Daşyndan göräýmäge ony şeýle keşpde görmediklere ýat görünse-de, onda döwrüň ruhyny we oňa mahsus wakalary takyk beýan etmäge ussat Aman Amangeldiýewiň şahsyýeti görünýär. Türkmen žiwopisiniň muşd...
Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparyň maslahaty
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Bu iş topary geçen ýylyň güýzünde geçirilen Halk Maslahatynyň çözgüdine laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döredildi. Onuň düzümine Milli Parlamentiň deputatlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraý...