SOŇKY HABARLAR
HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK ÜÇIN PUDAGARA TEGELEK STOL
2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet standartlary Departamentiniň direktory hanym Korin Warganyň baştutanlygyndaky wekiliýetiniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol geçirildi. Türkmen tarapdan Daşary işler ministrligi, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Kärdeşler arkalaşyklary ýaly 14 ministrligi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDILER
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyna Stambulda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna, şikes ýetmelere we ejir çekmelere getirendigi zerarly gynanç hatlaryny iberdiler. Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy 14.11.2022
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HALKARA ZÄHMET GURAMASYNYŇ ZÄHMET STANDARTLARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet standartlary Departamentiniň Direktory hanym Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda HZG-nyň agzasy bolmak bilen Türkmenistanyň hemme raýatlar üçin mynasyp iş we sosial adalat üçin şertler döretmek syýasatynda ygrarlydygy bellendi. Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýa...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Owganystan boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýong bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bu nukdaýnazardan, türkmen-hytaý ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň dinamikasynyň esasan iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasy...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Samarkant şäheriniň şu gezekki duşuşyga gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy türki döwletleriň ýakynlaşmagy we gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp berlen ýokary sylag bolan Türki dünýäsiniň ýokary...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde çagyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirip, gyrgyz Lideri bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahat...