SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Wladimir Mkrtumow we onuň egindeşleri zenanlar üçin we jenanlar hakda aýdymlary ýerine ýetirdiler
7-nji mart güni agşam «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde gözel zenanlarymyza bagyşlanyp, «Misli düýş deý söýgi» diýip jaýdar şahyrana at berlen baýramçylyk konserti boldy. Wladimir Mkrtumowyň ýolbaşçylygynda aýdymçy-sazandalar olar üçin hoş niýetrli söýgi aýdymlary ýerine ýetirdiler. Döwran Şammyýewiň, Aleksandr Koçetowyň we Şarif Hojamyň ýerine ýetirmeginde «Üýtgeşik näzenin» aýdymynyň ýürekleri joşdurýan sözleri aýdym-saz agşamynyň şahyrana äheňde gitjekdigini aýan etdi. «The girl is...
Baýramçylyk konserti: zenanlara bagyşlanan folklor toparlarynyň çykyşlary we estrada aýdymlary
Halkara zenanlar gününde jemgyýetimiziň ajaýyp zenanlarynyň hormatyna ýurdumyzyň belli artistleri uly konsert maksatnamasyny taýýarladylar. Aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde gelin-gyzlara bagyşlanan çykyşlar guraldy. Milli Liderimiz zenanlaryň dürli işleri ýerine ýetirmekde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, olaryň ösüp ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda, ahlak we beden taýdan sagd...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 196-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen işewürler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy we suwuklandyrylan gazy («Türkmengaz» DK) satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna nah ýüplük we reňksiz list aýna ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: BAE we Özbegistan degişlilikde. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 118 müň dollaryndan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN ILÇIHANALARYŇ WE HALKARA GURAMALARYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GUTLAGLAR
2020-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Daşary işler ministri R.Meredow Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň Türkmenistanda işleýän ähli zenan ýolbaşçylaryny Halkara zenanlar güni bilen gutlady we olaryň sowgatlaryny gowşurdy hem-de olara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we jogapkärçilikli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, öz gezeginde, gyzgyn gutlaglary hem-de özlerine...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ “TÄZE SÖWDA WE ÜSTAŞYR ÝOLLARDA NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANŞYGYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK MAKSADY BILEN MERKEZI AZIÝADA SEBITLEÝIN SERHETÜSTI HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRMEK” ATLY ÇÄRESI
Türkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly çäre geçirildi. Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistan Respublikasynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agz...
Metbugat-relizi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing 2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň D...