SOŇKY HABARLAR
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow günorta arakesme wagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygy-ýygydan gelip, ynsan gylykly bedewleriň saklanyş şertleri, olary kemala getirmegiň hem-de sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyň barşy bilen gyzyklanýar. Bu gezek döwlet Baştutanymyz Ýyldyrym atly bedew bilen birsellem gezim etdi. Behişdi bedewler milli we dünýä medeniýetiniň hakyky gymma...
TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ SANKT-PETERBURG ŞÄHERINE SAPARY
Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy. Saparyň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russ...
HALKARA ZÄHMET GURAMASY BILEN ÖZARAHEREKETLERI GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILIP GEÇILDI
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ILAT GAZNASY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň BMG-niň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça Direktory Juliýa Waleze bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň üstünligini belläp geçdiler. Milli derejede işlenilip düzülen we amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeliligi bellenilip geçildi, şeýle-de reproduktiw sa...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GFR-NYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan «Belwýu» köşgünde Ilçi B.Rejepowyň GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň GFR-ky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň çäklerinde Ilçiniň Federal Prezident bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda Ilçi GFR-nyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Türkmenistanyň Prezidenti...
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işgärlerini, ilçileri Diplomati...
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň G...