SOŇKY HABARLAR
Milli Liderimiz möhüm desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we atçylyk toplumlaryna baryp gördi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň düzümini mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda idedilýän bedewler bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta-günba...
Türkmenistanyň Prezidenti Polat Bilbil ogluny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogluna doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Milli Liderimiz öz gutlagynda Polat Bilbil oglunyň köp ýyllaryň dowamynda ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge uly goşant goşandygyny belledi. «Şoňa görä-de, Türkmenistanda Size görnükli kom...
SÖWEŞ SUNGATLARYNYŇ BÜTINDÜNÝÄ OÝUNLARYNYŇ KOMITETI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE GYZYKLANMA BILDIRDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komitetiniň Baş sekretary Je Kyn Çoýuň baştutanlygyndaky Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekdäki sportuň ähmiýeti barada belläp geçdiler. 2016-njy ýylda esaslandyrylan Söweş sungatlarynyň Bütindünýä oýunlarynyň Komiteti sport çärelerini we festiwallary, ilkinji nobatda Söweş sungaty bo...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-RUS GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 4-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary O.W.Syromolotowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Aşgabada geldi. Duşuşygyň barşynda taraplar howpsuzlyk ulgamynda derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar, terrorçylyk wehimlerine garşy göreşmek...
Täze döwletara elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyna başlanyldy
Şu gün Serhetabat etrabynda täze döwletara elektrik geçirijisi bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistany depginli senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmekde elekroenergetika pudagyn...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, Türkiýäniň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa nah ýüplügi we reňksiz aýnany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 220 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gazagystandan we Pakistandan gele...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ WEKILLERINIŇ NOBATDAKY IŞ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnamanyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça hazarýaka döwletleriniň bilermenleriniň bäşinji mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wek...