SOŇKY HABARLAR
Iýmit önümlerini seljermek boýunça Türkmenistanyň barlaghanalarynyň ygtybarly işleri halkara derejede ykrar edildi
Indi üç ýyldan gowrak wagt bäri Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi hereket edýär. Onuň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi innowasion kärhana bolup, onuň işi durmuş hem-de biologik şertleriniň il...
TÜRKMENISTAN – BMG: ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlyk
Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 2019-njy ýyl üçin adam ösüşi boýunça Bütindünýä hasabaty bilen tanyşdyryldy. Foruma ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda hasabatyň esasy netijeleri, soňky 10 ýylda ýurdumyzyň gazanan ösüşi, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam etme...
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi mundan beýläk-de öwrenmek, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek wezipeleriniň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Iş maslaha...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI “ÝAŞYL MERKEZI AZIÝA” ATLY ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Berlinde geçirilen “Ýaşyl Merkezi Aziýa” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Şeýle hem maslahatyň işine Germaniýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegi we sebitde howpsuzlygy saklamak, şol sanda, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, biodürliligi gorap saklamak, çölleşmäge garşy göreşmek, da...
Watanymyzyň sebitlerinde täze jaýlar açyldy
Şu gün Watan goragçylarynyň gününde Amyderýanyň boýundaky şäherde Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň gatnaşan dabarasynyň barşynda döredijilik toparlary sazly çykyşlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp e...
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna, işgärlerine, harby talyplaryna we esgerlerine
Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu baýram Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini...
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine paýtagtymyzy we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaş...