SOŇKY HABARLAR
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE ŞAWKAT MIRZIÝOÝEW TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, dostlukly ýurduň Baştutanyna gadymy Samarkant şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini üstünlikli geçirmek baradaky arzuwyny beýan etdi hem-de Özbegistanyň başlyklygynda sammitiň netijeli...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ DÖWLET SEKRETARYNYŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA KÖMEKÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýanyň işleri boýunça kömekçisi Donald Luny kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň dowamynda däp bolan dostlukly türkmen-amerikan dialogyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň...
OHCHR MERKEZI AZIÝA ÜÇIN SEBIT WEKILI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebit wekili Rişard Komenda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG AHÝK-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilşini we Türkmenistanyň gatnaşýan adam hukuklary boýunça konwensiýalaryn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-INDE TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa gatnaşyklary boýunça kömekçisi Donald Lunyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerine garadylar, şeýle hem halkara we sebit temalaryna, şol sanda owgan meselesine-de seredip geçdiler. Gepleşikleriň dowamynda aç-açanlyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek ý...
TÜRKMENISTAN-RUSSIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE DEREJESI
2-nji noýabrda ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangu...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY
3-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurba...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ GURLUŞLARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary K...