SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ AZYK WE OBA HOJALYK GURAMASY BILEN HYZMATDAŞLYK ETMÄGE YGRARLYDYR
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly Halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO) Sebitleýin direktory jenap Wiorel Gusu bilen duşuşygy boldy. Taraplar FAO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutu...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Sebitleýin utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplaryň ikisi hem ÝUNKTAD-yň 2020-nji ýyla çenli durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmekdäki möhüm ornuny bellediler. Myhman öz gezeginde Türkmenistanyň Söwda we ösüş ulgamyndaky wezipeleri durmuşa geçirmekdäki meýilnama laýyk çemeleşmelerini aýratyn belledi. Şe...
TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ TÄZE TAPGYRLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ÝUNESKO-nyň Tähran şäherinde ýerleşýän Klaster edarasynyň Başlygy jenap Swetan Swetkowski bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň milli hem-de...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ SEBIT ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2020-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy hanym Aşita Mittal bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatalara garşy göreş müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysyna, “Türkmenistan we halkara guramalary: par...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryş kerosinini we tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Gyýanlynyň polimer zawodynyň ýokary dykyzlykdaky polietilenini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna buýan köküniň gury ergini, p...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OMAN SOLTANYNYŇ ARADAN ÇYKMAGY ZERARLY GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Haýsam bin Tarek Al Saida Onuň Alyjenaby Omanyň Soltany Kabus Bin Saidiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. Gynanç hatynda bellenilişi ýaly, türkmenistanlylar doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň Alyjenaby Kabus Bin Said görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolmak bilen, Oman soltanlygynyň gülläp ösmeginiň hem-de onuň halk...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de maliýe, ykdysady we bank ulgamla...