SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygynyň bolmagy meýilleşdirilýär. Iki ýurduň Baştutanlary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerine serederler.
WAŞINGTONDA TÜRKMEN-AMERIKAN HYZMATDAŞLAGYNYŇ SYÝASY WE YKDYSADY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Waşingtona bolan saparynyň çäklerinde, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň ykdysady ösüş, energetika we daşky gurşaw boýunça orunbasary Kit Kraç bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda, nebit-gaz, sanly tehnologiýalar we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslaha...
AŞGABATDA SPEKA-NYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ 14-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda, Aşgabatda geçirilýän “SPEKA günleriniň” jemleýji tapgyry bolan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryjylar geňeşiniň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga SPEKA gatnaşyjy döwletleriň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilleri, şeýle-hem ykdysadyýet we ösüş, söwda we ulag puda...
SPEKA-NYŇ YKDYSADY FORUMYNYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA “AŞGABAT BAŞLANGYJY” KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 20-21-nji noyabrynda Aşgabat şäherinde «Arabaglanyşyk: SPEKA sebitinde durnukly ulag we ösüş hem-de söwdanyň ýeňilleşdirilmegi» mowzugy boýunça SPEKA-2019 Ykdysady forumy geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) bilen bilelikde guralan foruma, halkara guramalaryň yolbaşçylary we hünärmenleri, SPEKA-nyň ag...
TÜRKMENISTAN WE ABŞ WAŞINGTONDA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRDILER
20-nji noýabrda Waşingtonda Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryna gatnaşdy. ABŞ-nyň Döwlet departamentinde geçirilen geňeşmeleriň dowamynda amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasarynyň işlerini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Elis Wells wekilçilik etdi. Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meseleleri babatynda piki...
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek babatda wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Sagdyn durmuş ýörelgesi — sagdyn nesliň özeni» atly maslahat geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň Mejlisi, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleri, Ylymlar akademiýasy, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Şeýle hem çärä hormatly ýaşulular, professor mugallymlar düzüminiň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Forumyň ma...
TÜRKMENISTAN WE ÝB ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYLYGYNY TASSYKLADYLAR
2019-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian iki günlik iş sapary bilen Aşgabat şäherine geldi. Şol gün P.Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar....