RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Noý

AŞGABATDA HALKARA ULAG WE ÜSTAŞYR GEÇELGÄNI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGYŇ IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILÝÄR

2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgäni döretmek baradaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş toparynyň ikinji mejlisi öz işine başlady.    Aşgabat şäherine bu duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri ýygnan...

DOWAMY
pic
14 Noý

KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2019-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Katar döwletiniň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi.    Diplomatlar birek-birege hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanarly bellediler. Iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-yns...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝUNESKO-NYŇ BAŞ KONFERENSIÝASYNYŇ 40-NJY MEJLISINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Pariž şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş Konferensiýasynyň 40-njy mejlisiniň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Bilim ministriniň orunbasary A.Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.       Baş Konferensiýa BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterrişiň hem-de ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azuleniň çykyşlaryndan başlandy. Baş Konferensiýanyň birinji iş gününde 16 sany döwlet we hökümet baştutanynyň gatnaşmagyn...

DOWAMY
pic
13 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE “DEUTSСHE BANK AG” BILEN HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “Deutsсhe Bank AG” öňdebaryjy nemes bank konserniniň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça sebit müdirliginiň direktorlarynyň dolandyryjysy Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongartsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti  bilen duşuşyk geçirildi.        Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen “Deutsсhe Bank AG-niň” arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünliklerini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Bilelikdä...

DOWAMY
pic
12 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN GRUZIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Miheil Ninuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.  Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň çäklerindäki oňyn hyzmatdaşlyk hem-de parlamantara gatnaşyklaryň netijeliligi barada aýdylyp geçildi.  Ykdysady gatnaşyklaryň ö...

DOWAMY
pic
11 Noý

TBILISI ŞÄHERINDE ŞERTNAMALAÝYN-HUKUK BINÝADY TÜKELLEMEK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.   Geňeşmeler türkme...

DOWAMY
pic
10 Noý

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary «ak altynyň» 1 million 50 müň tonnasyndan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçn...

DOWAMY