RSS

SOŇKY HABARLAR

18 Sen

TÜRKMENISTAN WE ÝTÖB KÖPTARAPLAÝYN ÖZARAHEREKETLERIŇ PUGTALANDYRYLMAGYNA YGRARLYDYRLAR

2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.  Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara, şeýle hem ÝTÖB-n...

DOWAMY
18 Sen

TÜRKMEN-GERMAN ÖZARA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary,  Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny...

DOWAMY
17 Sen

Türkmenistanda öndürildi belgili kompozit materiallardan ýasalan santehnikalar sertifikatlaşdyryldy

Aşgabadyň «Türkmenkabel» zawodynyň hünärmenleri köp komponentli materiallardan santehnika önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kärhananyň meýdançasynda açylan ýörüteleşdirilen sehde aýnaplastikden dürli görnüşli we ölçegli wannalaryň hem-de rakowinalaryň iki ýüzden gowragy çykaryldy. Ýakyn wagtda stoluň üstki tagtasy we unitaz hem öndüriler. Uniwersallygy, oňaýlylygy we giň ulanylyşy bilen tapawutlanýan kompozit materiallar çalt depginlerde bazary eýeleýärler. Sehiň hünärenleri geljekde sante...

DOWAMY
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti GFR-iň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Federal...

DOWAMY
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ BA TARAPYNDAN KARARNAMANYŇ WE BMG-NIŇ BA-NYŇ 73-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BIRINJI HYF-NYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYK ETMEGIŇ BEÝANNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaral...

DOWAMY
17 Sen

KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halifa Ahmad Al-Suwaýdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy diplomatyň işlän döwründe özarahereketleriň dürli ulgamlarynda türkmen-katar gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandyna ýokary baha berdi. Kataryň diplomaty öz nobatynda işlemek üçin dö...

DOWAMY
17 Sen

BIŞKEKDE SÖWDA-YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE YNSANPERWER HYZMATDAŞLYGY BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň döwlet we işewürlik toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň başynda taraplar Toparyň üçünji mejlisiniň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler we iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti...

DOWAMY