SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tatsuýa Watanabeni kabul etdi. Ýurdumyza Tokiodan türkmen howa ýollarynyň ilkinji göni gatnawy bilen paýtagtymyza gelen myhman döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, ilki bilen, bu howa ýolunyň açylmagy üçin hoşallyk bildirdi. Bu howa gatnawlary iki ýurduň arasyndaky ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi. Wagt tapyp kabul edendigi we döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatorynyň we Premýer-ministriniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle he...
DANIÝA PATYŞALYGYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Karsten Sendergord bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy...
TÜRKMENISTANDA ABŞ-NYŇ TÄZE ILÇISI IŞE BAŞLADY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ABŞ-nyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy we wagt tapyp kabul edilenligi üçin çuňňur minnetdarlygyny bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitm...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝUNESKO-NYŇ HÖKÜMETARA OKEANOGRAFIKI KOMISSIÝASYNYŇ 30-NJY ASSAMBLEÝASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde, ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň (HOK) 30-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. 4-nji iýula çenli dowam etjek ÝUNESKO-nyň Hökümetara Okeanografiki Komissiýasynyň ýubileý assambleýasynda Komissiýanyň işi bilen baglylykdaky döwrebap meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle hem umman ylmy boýunça BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilişi, BMG we Bütindünýä meteorologiki gurama bilen hyzmatdaşlygy...
ÝEREWANDA MAGTYMGYLY PYRAGYNYŇ 295 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY MASLAHAT WE EDEBI OKAÝYŞLAR GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti (ÝDU) bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde beýik türkmen şahyry, filosofy we akyldary Magtymgyly Pyragynyň 295 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy dünýä medeniýetiniň taryhynda» atly ylmy maslahat we edebi okaýyşlar geçirildi. Maslahatyň işine Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we diplomatik korpusyň wekil...
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna gatnawlary açýar
?Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat-Kazan (Russiýa Federasiýasy) ugry boýunça gatnawlary artdyrar we Günorta-Gündogar Aziýa hem-de Arabystan ýarym adasy ýurtlaryna täze ugurlary açar. Boeing 737-800 uçary 3-nji iýyldan 11-nji sentýabr aralygynda Tatarystanyň paýtagtyna goşmaça gatnawy amala aşyrar. Ol Aşgabatdan çarşenbe günleri 6 sagat 25 minutda uçar. Şu ýyl ýurduň awiatorlary halkara gatnawlarynyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutýarlar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hünärmenler...