SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY BAŞLANDY
2019-njy ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Kazan şäherine gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň bolmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iri we ähmiýetli gurluşyk...
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, türkmen medeniýetini we sungatyny düýpli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli kämilleşdirilýär. H...
OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BOLDY
2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Pr...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RF-NIŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
Ýakyn wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary meýilleşdirilýär. Saparyň dowamynda iki ýurduň arasynda resminamalaryň giň toplumyna garalmagy göz öňünde tutulýar.
“ULAG, LOGISTIKA WE DEŇIZ PORTLARYNYŇ DOLANDYRYŞ ULGAMYNY ÖSDÜRMEKDE TÜRKMEN-KOREÝ HYZMATDAŞLYGY” ATLY ÝÖRITE MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 20-nji iýunynda Aşgabatda “Ulag, logistika we deňiz portlarynyň dolandyryş ulgamyny ösdürmekde türkmen-koreý hyzmatdaşlygy” atly ýörite maslahat geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň, Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň degişli edaralarynyň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň diplomatlary, bu ýurduň “Maritime” institutynyň wekilleri şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ýokary okuw mekdep...
NÝU-ÝORKDA “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ MIRASY” ATLY TEGELEK STOL GURALDY
2019-njy ýylyň 19-njy iýunynda Nýu-Ýork şäheriniň Milli sungat merkezinde “Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we onuň ýaş nesliň dünýägaraýşyny kämilleşdirmekdäki taryhy orny” atly tegelek stol guraldy. Tegelek stoluň barşynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa, Rus-amerikan medeniýet gaznasynyň Prezidenti M.Kowalýowa, Smitsonowsk institutynyň Aziýa medeniýet meýilnamasynyň direktory, Aziýanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň etnologiýasynyň ýolbaşçysy Paul Mihail Teýlor, Orta...