SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WELOSIPED SPORTUNDA GAZANAN ÜSTÜNLIKLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan çäreleriň çäklerinde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Türkmenistanyň welosiped sportunda gazanan üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge gatnaşyjylar ýurdumyzda, şeýle hem dünýä derejesinde welosiped sportunyň ilerledilmegine goşýan goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyklaryny bildirdiler. Türkmenistanyň Prezidentine welosiped sportunyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşandy üçin Welosipedçileriň halk...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILIP GEÇILDI
2019-njy ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi. Türkmenistan bilen bir hatarda Bütindünýä welosiped güni dünýäniň köpsanly ýurtlarynda hem bellenilip geçildi. Baýramçylyk mynasybetli türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş...
OLEG KONONENKO TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Kosmonawt öz gutlagynda “Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni Siziň ýolbaşçylygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň ykrar edilmegi boldy”...
HYTAÝDA “GALKYNYŞ” MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ GÖRKEZME ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 29-njy iýunyndademirgazyk-gündogar Jilin (Çançun şäheri) welaýatynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasyna Hytaýyň Milli Täjirçilik we Ösüş Maslahatynyň ýolbaşçysy, jenap Lanjun hem-de Jilin welaýatynyň dürli derejeli partiýa we hojalyk ýolbaşçylary, çykyşlary gurnaýjy“Jilin Shengshi Totem Horse Calche Co. Ltd” kompaniýanyň ýolbaşçylary, telekeçiler Federasiýasynyň wekilleri, suratkeşler, sungat i...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.N.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabat şäherine geldi. Ikitaraplabýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda mundan beýläk hem özarahereketleriniň giňeldilmegi boýunça pikirler alyşyldy.
AŞGABATDA GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise gatnaşmak maksady bilen GDA-nyň gatnaşyjy-döwletlerinden köpsanly ýokary derejeli wekiliýetler Türkmenistana geldiler. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.A.Medwedew Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Ýokary derejeli myhman Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna geldi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň ähmiýetli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem abraýly halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň çäkl...