SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ KAZAN ŞÄHERINE SAPARY
2019-njy ýylyň 27-28-nji maýy aralygynda ministriň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny netijeli ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek we sanly ykdysadyýet ulgamyna geçmek maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça Konsepsiýa kabul edildi. Şunuň bile...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BAHREÝN PATYŞALYGYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda n...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. German wekiliýetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, aýratyn hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Ýewropa Bilele...
BEÝIK ÖZGERTMELERIŇ ÝYL ÝAZGYLARY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply syýasy we guramaçylyk işi barada dowamly çap edilýän neşiriň 11-nji goýberilişi neşir edildi. Kitapda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýen şygar astynda geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti we manysy açylyp görkezilýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly: «2017-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda, merdana halkymyzyň durmuşynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylan, buýsançly netijeleriň gaza...
TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisi geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hem-de ýapon tarapyndan “Itoçu Korporeýşn” ýapon kompaniýasynyň Wise-prezidenti jenap Ýoiçi Koboýaşi ýolbaşçylyk edýärler. Mejlise 80-e golaý wekillerden ybarat bolan Ýaponiýa...
TÜRKMEN WEKILIÝETI XVI ÝEWRAZIÝA MEDIA FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenstanyň Döwlet habarlary agentliginiň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän XVI Ýewraziýa media forumynyň işine gatnaşdy. Gazagystan Respublikasynyň Senatynyň başlygy Dariga Nazarbaýewanyň ýolbaşçylygynda geçirilen bu media forumyň işine dünýäniň 50 ýurdundan 600-e golaý wekiliýet ýagny, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Estoniýanyň öňki Prezidenti Toomas Ilwes, syýasat...
ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADYÝET, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky 13-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalarynyň, ulgamlaýyn infrastrukturalarynyň we suw hojalygynyň ilerledilmegi boýunça departamentiniň Başlygy jenap Takasi Ýosioko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň aras...