SOŇKY HABARLAR
ÝAPONIÝANYŇ MERKEZI AZIÝA ÝURTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Taro Kono Ilki bilen, Daşary işler ministri wezipesine bellenenimden soňra ilkinji gezek Merkezi Aziýa topragyna gadam basyp bilýändigim üçin özümiň çäksiz begenjimi beýan edýärin. Şu gün men Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň 7-nji mejlisine gatnaşýaryn we bu meýdançanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Merkezi Aziýa...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bitewüligini aňladýan şanly senelerdir. Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Bu gün Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri bold...
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi milli senenamamyzda möhüm sene — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Adamy jemgyýetiň we döwletiň gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen türkmen haly...
BMG-NIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ IŞ MEÝILNAMASYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Nur-Sultan şäherinde nobatdaky XII Astana Ykdysady Forumy (AYF) geçirildi. Oňa dünýäniň 74 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdylar. Forumda Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Bütindünýä bankynyň baş ykdysadçysy Pol Romer, Halkara Pul gaznasynyň direktory Kristin Lagard, Russiýanyň Sberbankynyň Prezidenti we müdiriýetiniň başlygy German Gref, Ermenistanyň Prezidenti Armen Sarkisýan, Gruziýanyň premýer-ministri Mamuka Bahtadze we başga-da ýokary derejeli syýa...
TÜRKMENISTAN HELÄKÇILIKLERIŇ HOWPUNYŇ AZALDYLMAGY BOÝUNÇA GLOBAL PLATFORMASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 13-17-nji maýy aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär. Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär. Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global pl...