SOŇKY HABARLAR
ÝUNESKO-NYŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA HALKARA SUW MASLAHATY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-14-nji maýynda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Halkara suw maslahaty geçirildi, oňa türkmen tarapyndan Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Suw serişdeleriniň dolandyrylyşynyň pudagara çemeleşmeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden suw serişdelerini öndürmek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagy, şeýle hem suw boýunça dürli halkara...
ÝEREWANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ýerewan döwlet uniwersiteti bilen bilelikde bu ýokary okuw mekdebinde «Hazar deňzi - mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat geçirildi. Bu maslahat 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyldy. Dabaraly çärä Ermenistanda akreditirlenen daşary ýurtlaryň we halkara gurmalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we...
Türkmen paýtagtynda täze seýilgäh peýda bolar
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze seýilgähiň gurluşygy tamamlanyp barýar. “Aşgabatgurluşyk” Önümçilik birleşigi bilen “Jennet ýol” hususy kärhanasy on bir gektardan gowrak ýerde dynç alyş zolagyny kemala getirdiler. Gurluşykçylar ýodalary we ýollary abadanlaşdyrdylar. Bu ýerde özboluşly landşaft kompozisiýalary, damjalaýyn suwaryş ulgamy döredilen, pürli agaçlaryň iki müňe golaýy oturdyldy, oturgyçlar we bezegli çyralar goýuldy. Daragtlary suwarmak we ýangyna garşy göreş çäreleri üçi...
Daşoguzly telekeçi toplumlaýyn telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirýär
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndan Bekmyrat Myradow döwrebap maldarçylyk toplumyny gurýar. 10 gektara golaý ýerde gara mallary we dowarlary saklamak üçin fermalar, şeýle hem ýylda 100 tonna süýdi hem-de 80 tonna eti gaýtadan işleýän zawod, ugurdaş binalar bolar. Häzirki wagtda hojlalykda ete niýetlenen gara mallaryň 160-dan gowragy bar. Telekeçi daşary ýurtlardan süýtlüligi has ýokary tohum mallary satyn almagyň hasabyna olaryň baş sanyny artdyrmagy göz öňünde tutulýar. Iýmlik ekinler...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça tagallalaryny tassykladylar. Taraplar iki ýurduň halkara guramalaryny...
TÜRKMENISTANYŇ GDA-DA BAŞLYKLYK ETMEKLIGIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILJEK ÇÄRELER
2019-njy ýylyň 15-16-njy maýy aralygynda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmekligiň çäklerinde Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäreleriň işine gatnaşmak üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistana geler. Maksatnamanyň çäklerinde Türkmenist...