img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Few

OWGANYSTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär. Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi...

DOWAMY
pic
19 Few

Milli synçylaryň 284-si saýlawlaryň barşyna monitoring geçirerler

Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi. Ozal habar berlişi ýaly, okruglaryň ählisinde bir ýere birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlary giň bäsleşikler esasynda geçirmek ýörelgelerine laýyk gelýär we ýurdumy...

DOWAMY
pic
19 Few

AŞGABATDA “DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA SPORTUŇ TUTÝAN ORNY” ATLY MEDIA-FORUMY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 19-njy fewralynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň “Sport” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş ugrunda sportuň tutýan orny” atly media-forum geçirildi. Media forumyň işine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň press-attaşeleri, şeýle...

DOWAMY
pic
18 Few

Gurtlyda ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň ikinji tapgyry durmuşa geçirilýär

“Nusaý ýollary” hususy kärhanasy Aşgabadyň günbatarynda Gurtly ýaşaýyş jaý toplumynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy göz öňünde tutulýan jaýlaryň ilkinjisiniň – 40 öýli jaýyň düýbüni tutmak işine girişdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalary hersinde 40 öýden 80 öýe çenli dürli görnüşli dört gatly jaýlaryň 62-sini bina ederler.  Täze ýaşaýyş jaý toplumy Köşi we Gurbansoltan eje köçelerine golaý 90 gektar ýerde kemala gel...

DOWAMY
pic
18 Few

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň ekipažlary heläkçiliklerde halas ediş taýýarlygyny kämilleşdirýärler

?Türkmenhowaýollary» Agentliginiň Uçarmanlary taýýarlaýan mekdebinde howa gämileriniň ekipažlaryny heläkçilikli ýagdaýlarda halas ediş maksatnamasy boýunça taýýarlamak boýunça türgenleşige girişildi. Uçarmanlaryň we bortprowodnikleriň heläkçilikli ýagdaýlarda sazlaşykly hereketlerini özleşdirmek üçin bu ýerde uçarda bolup biljek adatdan daşary dürli ýagdaýlary modelleşdirýän ýörüte trenažýorlar goýlupdyr. Hereket edýän platforma, şeýle hem şekiller we ses uçaryň uçuşdaky hem-de gyssagly ýagdaýda...

DOWAMY
pic
18 Few

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, kabul edilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. M...

DOWAMY
pic
18 Few

TÜRKMEN TÜRGENI GYLYÇLAŞMAK BOÝUNÇA AÇYK ÇEMPIONATDA ALTYN MEDALY EÝELEDI

2019-njy ýylyň 17-nji fewralynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we kadetleriň arasyndaky Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak Konfederasiýasynyň açyk çempionatynda ildeşimiz Jumanazar Döwletnazarow altyn medala mynasyp boldy. Ýetginjekleriň we kadetleriň arasynda Merkezi Aziýanyň gylyçlaşmak boýunça Konfederasiýasynyň açyk çempionaty täze sebitleýin düzüm tarapyndan geçirilen ilkinji halkara ýaryşdyr. Ýaryşa 150 türgen, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Täjigista...

DOWAMY