SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GERMANIÝA IŞ SAPARY
2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky...
TÜRKMENISTANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GEÇIRILMEGINE ÝOKARY DEREJEDE TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR
Hazar ykdysady forumyny ýokary derejede geçirmek üçin görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde 2019-njy ýylyň 5-nji fewralynda paýtagtymyzda birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan media-forumy hazarýaka döwletleriň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýylyň başyndan bäri degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen kons...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GH WE GÝJHF-NYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň baştutany Baýarmaa Luntanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda, h-m Luntan Türkmenistanyň Hökümetine GH we GÝJHF bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýany üçin öz minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem, sebitleýin edarasynyň başlygy ynsanperw...
TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILIÝETI «TÜRKMENISTANYŇ HOWPSUZLYK BABATDA ILERI TUTÝAN UGURLARY» BOÝUNÇA BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2019-nji ýylyň 11-nji fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri «Türkmenistanyň howpsuzlyk babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistan öz işinde bitaraplyk, goşulyşmazlyk, dawalary hem-de gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözmäge ygrarlylyk ýörelgelerine berk eýermeginden ugur alýar. Türkmenistan ýaragsyzlanmak, köpçülikl...
Young Turkmenistan citizens participate in the I Winter Sport Games “Children of Asia”
The I Winter Sport Games “Children of Asia”, where Turkmenistan national junior team takes part, has started in Yuzhno-Sakhalinsk, Russia. Our country, for which the snow is an exotic, is represented by junior ice-hockey team and two figure skaters. Bright opening ceremony of the Games, where young sportsmen from Vietnam, Hong Kong, Indonesia, Jordan, Kazakhstan, Cambodia, Mongolia, Nepal, Pakistan, the Republic of Korea, United Arab Emirates, Tajikistan, Thailand, Turkmenistan, Philippines,...
Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete kompaniýanyň wise-prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Datuk Mohd Anuar Bin Taib ýolbaşçylyk edýär. Ol hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri hödürledi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Açyk gapylar» syýasatyny alyp baryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekm...
Döwlet immunizasiýa maksatnamasy - halkyň saglygy baradaky alada
Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmeginiň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş hiliniň we onuň döwlet nusgasynyň hem-de durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň biridir. Çünki, «Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» düşünjesi bilen kesgitlenilýän, döwletiň işine adam ölçegi many-mazmun gymmatlygy babatdaky esasy ýörelgeler şu ulgamyň binýadyny düzýär. Ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy lukmançylygyň äh...