SOŇKY HABARLAR
Ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli aýdym-saz sowgady
Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek täze, 2019-njy ýyla bagyşlanan aýdym-sazly dabara boldy. Konsertde belli sungat ussatlary bilen birlikde ýaş ýerine ýetirijiler hem çykyş etdiler. Olar uly baýramçylyklara döredijilik sowgatlaryny taýýarlamak däbine eýerip, tomaşaçylara özleriniň özboluşly aýdym-sazly çykyşlaryny hödürlediler. Konsert maksatna...
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawody ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirdi
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawody 2018-nji ýyly nebit önümleriniň nobatdaky tapgyryny eksporta ugratmak bilen jemleýär. Nebit önümlerini öndürmegiň ýyllyk tabşyrygy artygy bilen ýerine ýetirilip, olaryň aglaba bölegi eksporta iberildi. Ýylyň dowamynda bu ýerde ýarym million tonnadan gowrak awtomobil benzini, dizel ýangyjy, mazut we ýol bitumy öndürildi. Giç nebitiň we gaz kondensatynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde ýokary hilli nebit önümleri alyndy. Baryp geçen asyryň 90-njy ýyllary...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda iki döwletiň Ýolbaşçylary birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen hem-de gyrgyz halkaryna abadançylyk we ýurtlarynyň gülläp ösmegini arzuw etdiler. Soňra ýurt Baştutanlary türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek boýu...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BILEN ŞAWKAT MIRZIÝOÝEWIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň döwlet baştutanlary pursatdan peýdalanyp, biri-birini ýetip gelýän Täze 2019-njy ýyl bilen gutlap, jan saglygyny hem-de iki halkyň bähbidine alyp barýan bilelikdäki işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler esasyny hoşniýetli g...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-Ň HGI-Y 10 ÝYLLYK ÝUBILEÝINI BELLEDI
2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, bu institutyň 10 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi. Bu ýygnaga Türkmenistanyň DIM-niň işgärleri, Türkmenistanda işleýän wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik edaralaryň hem-de köpçülikleýin haba...
Türkmenabat –“Farap” gümrükhana nokady ýolunyň ugrunda täze AÝaGB açyldy
Täze ýylyň öň ýanynda Farap etrabynda işe girizilen awtoulaglara ýangyç guýýan beket awtomobilleriň ilkinji müňüsine hyzmat etdi. “Türkmennebitönümleri” baş müdirýetiniň Lebap welaýat hojalyk hasaplaşykly edarasynyň hünärmenleriniň bina eden bu desgasy “Türmenabat – “Farap” gümrükhana nokady ýolunyň ugrunda ýerleşýär, bu ýoldan Türkmenistanyň üstünden üstaşyr geçip gidýän agyr ýükli awtulaglar geçýärler. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze AÝaGB-de çalt we ýokary hilli hyzmat etmek üçin...
Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr
20-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň esasylary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösüşiň durnukly ýokary depginini saklamakdan, halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli hem-de aýratyn iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirm...