SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ABU-DABIDE “ADIPEС–2018” ATLY NEBITGAZ SERGI–MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018–nji ýylyň 12–15-nji noýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde bu ýurduň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň howandarlygynda “ADIPEС–2018” atly 21-nji halkara nebit-gaz sergisi we maslahaty geçirildi. “ADIPEС–2018” – energiýa çeşmeleriniň gelejegini ara alyp maslahatlaşmak we özara tejribeleri alyşmaklyk maksady bilen ýokary derejeli resmi adamlary, nebitgaz senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we bilermenleri bir ýere jemleýän dünýäni...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Azerbaýjan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegista...
TÜRKMENISTAN WE GERMANIÝA- IKITARAPLAÝYN BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap - işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy...
TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Mohamed Ali Şihi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýarlygyny belläp, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslah...
BRAZILIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) h-m Marsiýa Donner Abreu bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi. Gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bara...
AŞGABATDA CAREC-IŇ 17-NJI MINISTRLER MASLAHATY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň 17-nji Ministrler maslahaty geçiriler. Halkara derejesinde geçiriljek bu maslahata CAREC maksatnamasyna girýän agza ýurtlarynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleriniň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda CAREC-e gatnaşýan döwletleriniň 2018-2030-njy ýyllar üçin strategik hereketiň meýilnamasyna serediler. Şeýle hem m...