img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejedäki ähmiýetini hem-de döwlet Baştutanlarynyň birek biregiň ýurduna amala aşyrýan saparlarynyň aýratyn möhümdigini belläp geçdiler. Şeýle hem, gepleşikleriň dowamynda wekiliýet ýol...

DOWAMY
pic
9 Noý

2018-nji ýylyň dünýä birinjiligi: agyr agramlarda dünýä çempionlary belli boldy

Erkekleriň arasynda 109 kilograma çenli agramlyk derejede Ermenistandan gelen agyr atletikaçy Simon Martirosýan çykyşlaryň jemi boýunça dünýä çempiony boldy. Ol jemi 435 kilogram agramy göterip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ermenistanly türgen bu netijäni birbada götermekde 195 kilogram agramlygy galdyryp gazandy. Şol görkeziji boýunça ol ikinji ýere mynasyp boldy. Ýöne itekläp götermekde 240 kilogram agramy göterip, dünýä rekordyny täzeledi we özünden soňky orny eýelän türgenden 12 kilogram agra...

DOWAMY
pic
9 Noý

Sanjymlary geçirmek ilatyň saglygynyň goralmagyna gönükdirilendir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary baýlygy hökmünde yglan etmek bilen, ilatyň saglygyny goramak meselelerine ägirt uly üns berýär.  Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan maksatlara ýetmek üçin esas goýujy strategiýalaryň biri bolan immuna öňüni alyş işlerini geçirmekde diňe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwälendirilen waksinalary satyn alýar. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary döwlet serişdeleriniň hasabyna mu...

DOWAMY
pic
9 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogluny kabul etdi.  Myhman wagt tapyp, kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda türk tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklanyldy, bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurl...

DOWAMY
pic
9 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylaryň zähmet üstünligi hakynda hasabatlary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hem-de Balkan welaýatynyň häkiminden miwe-gök önümlerini öndürmegiň bellenilen mukdarynyň tabşyrylandygy baradaky hasabatlary kabul etdi.  Welaýatlaryň ýolbaşçylary türkmen ekerançylarynyň täze zähmet ýeňşi bilen oba zähmetkeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutladylar. Ýygnananl...

DOWAMY
pic
9 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNDA IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 6–8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak bilen...

DOWAMY
pic
8 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi.  Döwlet Baştutanymyz Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, oňa Ýer ýüzüniň iň güýçli türgenlerini paýtagtymyzda jemlän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýadygärlik nyşanyny gowşurdy.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de beren ünsi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, şu günler Agyr atletika boýunça dünýä çempion...

DOWAMY