SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mohammad Humaýun Kaýuminiň belleýşi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýärler. Bu strategi...
AŞGABATDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-OWGAN TOPARYNYŇ 7-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...
Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji dünýä rekordy goýuldy
Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionaty Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasy tarapyndan agram derejeleri özgerdilenden soňra, ilkinji gezek geçirilýändigi sebäpli aýratyn ähmiýete eýedir. Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň münberlerine eýýäm bäsleşigiň ilkinji gününden başlap köpsanly tomaşaçylar ýygnandy. Ýaryşlary “D” we “S” toparlarynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki zenanlar başladylar. Bu agramda öňdäki orny jemi 202 kilogram agramy galdyran nigeriýaly Çika Joý Aman...
Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygynyň kepili
Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet hem-de paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda türkmen şaýy pullarynyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň haryt-pul gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýetiren täsiri, bank ulg...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň halkara sport hereketine, sebit we ählumumy derejede sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ýene bir uly goşandy boljak şanly waka — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen gutlady. Şunda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistany ygtybarly hem-de ör...