img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýum ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üç...

DOWAMY
pic
18 Okt

AŞGABATDA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-SAUD TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-18-nji oktýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY
pic
18 Okt

ÝHHG TÜRKMENISTANDA ENERGETIKA INFRASTRUKTURASYNYŇ DESGALARYNYŇ TERRORÇYLYK HÄSIÝETLI KIBER HÜJÜMLERINDEN GORAGY BOÝUNÇA AMALY OKUW GURADY

2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda töwekgelçiliklere baha bermek we howply ýagdaýlary dolandyrmak boýunça amaly okuw kursy geçirildi. Energetika infrastrukturasynyň desgalaryna gönükdirilen terrorçylyk häsiýetli kiber hüjümlerine taýýar bolmak we olara bolan goraglylygy güýçlendirmek onuň esasy meselesi bolup çykyş etdi. Bu çäre Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň Sekretariatynyň Transmilli howplara garşy hereket etmek boý...

DOWAMY
pic
17 Okt

Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden artefaktlaryň 24-si Germaniýada göçme sergide görkezilýär, olaryň arasynda iki örküçli düýe we ýürek şekilli kümüş hem-de bürünç iňňebagjyklar, antropomorf heýkeljikler, daş güldanlar we gaplar, şeýle hem tumarlar we möhürler bar. Gamburgyň ýaşaýjylary bu ýerdäki Arheologiýa muzeýinde 1-nji noýabrda açyljak “Margiana – Türkmenistanyň territoriýasyndaky bürünç eýýamynyň şalygy” sergide taryhy-medeni raritetler bilen tanşarlar. Şol özboluşly zatlar M...

DOWAMY
pic
17 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ahmet Çalyk geljegi uly taslamalary ara alnyp maslahatlaşdylar

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.  Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şu günki şanly waka bilen gutlady. Myhman milli Liderimize berk jan saglygyny hem-de alyp barýan köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw edip, halkara bileleşiginiň okgunly ösüş depginlerini görkezýän Türkmenistanyň gazananlaryna ýok...

DOWAMY
pic
17 Okt

Garabogaz karbamidiniň ilkinji tapgyry daşary ýurtly sarp edijilere ugradylmaga taýýar edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.  Bir aý mundan ozal Hazar sebitinde “Garabogazkarbamid” zawody açyldy, bu desga hem batly gadamlar bilen ösýän gazhimiýa senagatynyň ösmeginde möhüm tapgyr boldy. “Mitsubishi Corporation” (Ýaponiýa) hem-de “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş.” (Türkiýe) kompaniýalary bi...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...

DOWAMY