SOŇKY HABARLAR
“Türkmenistanyň Daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnaly
?Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Her çärýekde çykýan neşirde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapdy. Žurnalyň bu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar. Şeýle hem žurnalyň göwrümli makalasy 2018-nji ýylyň mö...
PARAHATÇYLYGYŇ WE HOWPSUZLYGYŇ STRATEGIÝASY: TERRORÇYLYGA GARŞY TAGALLALARY BIRLEŞDIRMEK
Türkmenistan BMG-niň işjeň agzalarynyň biri hökmünde dünýä syýasatynyň doly hukukly agzasy bolup adamzada garşy howplara, ilki bilen terrorçylygyň we radikalizmiň dürli görnüşleri bilen göreşmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga özüniň saldamly goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu gün terrorçylyk bilen göreş BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary tarapyndan bellenilen ýaragsyzlandyrmak we ýaýratmazlyk, ulag we energetika, ekolog...
“AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISI BADALGA ALDY
2018-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde “Amul — Hazar 2018” awtorallisi badalga aldy. Öň ýanynda sport ulaglarynyň ekipažlary administratiw barlagdan we tehniki gözegçilikden geçdiler, ýaryşyň geçjek ugry bilen tanyşdylar — olara ýol kitapçasy gowşuryldy. Bu kitapça bolsa ýol kagyzçasyndan, ýaryşyň geçýän ugry boýunça ýerleriň kartasyndan ybaratdyr. Awtoralliniň tertibine laýyklykda, badalgadan öňki zolakda Ýapyk Park tertibi hereket edýär. Irden ekipažla...
Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisiniň ýolbaşçysyny we çempionyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, sport awtomobilleri ýaryşynda dünýäniň iki gezek çempiony, ýolsuz ýerde geçirilýän awtoralli boýunça dünýä kubogynyň ençeme gezek eýesi, “Pariž — Dakar” we “Africa Eco Race” ralli-marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseri kabul etdi. Meşhur fransiýaly türgen wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu günler ýur...
Türkmenistanyň Prezidenti “Amul — Hazar 2018” awtoralli ýaryşynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň badalga almagyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen guralýan bu awtoralli gadymyýetde Ýewraziýa yklymynyň halklaryny, döwletlerini we sebitlerini birleşdirip, biziň ýurdumyzyň çäginden uzalan Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýu...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge,...
TÜRKMEN NEŞIRLERI – ABRAÝLY HALKARA BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERINIŇ HATARYNDA
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...