SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ ARASYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDA YLALAŞYGYŇ TASLAMASYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞMAK BOÝUNÇA ÜÇÜNJI DUŞUŞYK ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça üçünji duşuşyk öz işine başlady. Duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Fed...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞI MERKEZI AZIÝADA ADAM HUKUKLARYNY GORAMAK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI BEÝANNAMANY KABUL ETDI
2018-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşi (BMG AHG) Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 70-ýyllygynyň çarçuwasynda Merkezi Aziýada adam hukuklaryny goramak boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul etdi. Bu resminama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň maksatlaryna we wezipelerine hem-de Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine laýyklykda adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramaklyga we bu ugurd...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ KUWEÝTE WE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARLARY AMALA AŞYRAR
9-njy martda geçirilen Hökümetiň mejlisinde habar berilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuweýt Döwletine hem-de Birleşen Arap Emirliklerine ýakyn wagtda meýilleşdirilen resmi saparlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Kuweýt we BAE bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanag...
TÜRKMENISTANDA “HAZAR DEŇZI-DURNUKLY ÖSÜŞ WE DOLANDYRYŞ” ATLY HALKARA OKUW MASLAHATY GEÇÝÄR
2018 nji ýylyň 5-nji martynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bi...
ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY
2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyn...
TÜRKMENISTANYŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNDAKY ILÇIHANASY BRIFING GEÇIRDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Saud Arabystandaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasatynda gazanylan üstünliklerine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy, umumy durnuklylygy we durnukly ösüşi ugrundaky oňyn başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Bu çärä Patyşa Feýsal adyndaky Yslam ylmy barlag merkeziniň wekilleri, Barlaglar we halkara bilim merkeziniň, Er-Riýad şäherinde akkreditirlenen dip...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY GEŇEŞINIŇ 37-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE ŽENEWA ŞÄHERINDE BILELIKDÄKI PARALLEL ÇÄRESI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 28-nji fewralynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG-niň) Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 37-nji mejlisiniň çäklerinde her ýylky Ýokary derejedäki segmentiniň dowamynda Adam hukuklary baradaky Ählumumy beýanamanyň 70 ýyllygynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda adam hukuklarynyň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki parallel çäresi geçirildi. Bu çä...