SOŇKY HABARLAR
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY KARARNAMASYNYŇ ÄHMIÝETI HAKYNA MASLAHAT
2017-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň ähmiýeti hakynda maslahat geçdi. Maslahatyň işine Mejlisiň, ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmen döwlet ulag we ara...
Amerikaly sazandalar we TMK-nyň talyplary aşgabatlylara roždestwo baýramyna sowgat taýýarladylar
Amerikaly dirižýorlaryň üçüsi- Derek Bekwold, Eýweri Ueýt, Piter Toresen hem-de belli wiolençelçi we skripkaçy Kim Maý Nian dagy aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary üçin roždestwo sowgadyny taýýarladylar--olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda nusgawy sazlaryň konserti bilen çykyş etdiler. Amerikaly mugallymlar we sazandalar bilen bilelikde oňa milli konserwatoriýanyň talyplarydyr mugallymlary-da gatnaşdylar. Baýramçylyk sazly çykyşlarda hor, wilonçiler, altçylar, üfl...
Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli dabara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli “Mizan” işewürlik merkezinde guralan dabara gatnaşdy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we beýleki...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti pakistanly kärdeşini TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ymtylýandyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklanyny tassykladylar. Syýasy ulgamda döwletar...
Mohammad Aşraf Gani TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletleriň baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we owgan halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Žilkin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Wagt tapyp söhbetdeş bolmaga mümkinçiligiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, Aleksandr Žilkin milli Liderimizi ýetip gelýän Täze ýyl, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň durnukly ulag boýunça Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna parahatçylyk,...