SOŇKY HABARLAR
Paýtagtymyzyň demirgazygynda telekeçileriň edara jaýlarynyň klasteri kemala gelýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary G. Kulyýew köçesiniň ugrunda edara binalarynyň ýüze golaýyny gurdular. Bu ýerde ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň dolandyryş edaralary, jaýlaryň birinji gatynda bolsa, lomaý-bölek söwda dükanlary, kafeler, restoranlar, okuw we dynç alyş merkezleri ýerleşer. Garry Kulyýew köçesi tanalmaz derejede özgerdi. Indi ol bir bölüji we iki sany goşmaça zolakly abadanlaşdyrylan köp zolakly uly ýol bolup, köçäniň birnäçe kilometre uzap g...
„Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetinde täze tehnologiýalar özleşdirilýär
Ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda burawlanan ýokary debitli skwažinalaryň bäşisinden Täze ýyla çenli bir gije-gündizde on million kub metre golaý tebigy gaz alnar. „Türkmengaz“ DK-nyň „Türkmengazinžiniring we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri eýýäm skwažinalaryň birini işe girizdiler we dördüsini işe taýýarladylar. Konserniň hünärmenleri tehnologik enjamlary oturtdylar we skwažinalaryň agzyna turba daňdylar, olary gaz geçiriş ulgamyna birikdirdiler. „Türkmengaz“ DK-nyň hünärmenleri burawlanan skw...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiz ilki bilen paýtagtymyzdaky täsin sport toplumyna tarap ugrady, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, seýle hem sport, bilim we ylym ugurlaryndaky has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagy ara...
BAE-niň işewürler topary TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna uly gyzyklanma bildirýärler
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilçilikli toparyny kabul etdi. BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky bu wekilçilikli toparyň düzüminde BAE-niň energetika ministri Suheýl Al Mazrui, BAE-niň infrasruktura ösüşi ministri Abdulla bin Mohammed Belhaif Al Nuaimi we Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bar. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýür...
ÖSÜŞ MAKSADY BILEN 2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI DOLANDYRYŞ WE UTGAŞDYRYŞ TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...
Türkmen telekeçileri dünýäniň öňdebaryjy bilim merkezleri bilen gatnaşyklary ösdürýärler
Türkmenistanda häzirkizaman bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrylýar, olary okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dil bilimlerini özleşdirmegiň ýaş hünärmenleriň möhüm artykmaçlyklary bolup durýandygy, onuň adamy baýlaşdyrýandygyny, olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýandygyny belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge hususy kompaniýalar hem öz goşantlaryny goşýarlar. Dil bili...