SOŇKY HABARLAR
HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI DIPLOMATIK WEKILHANALARYŇ ARASYNDA SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI
Halkara Bitaraplyk gününe we Merkezi Aziýa üçin BMG öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 8-10-njy dekabrynda halkara guramalaryň wekilhanalarynyň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň toparlarynyň arasynda kiçi futbol, woleýbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň DIM-niň topary hem gatnaşdy. Kiçi futbol boýunça «Galkynyş» we «T...
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Şu gün paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,...
Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda dünýä bilelşigi bilenbilelikde ilkinji gezek Halkara Bitaraplyk güni giňden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda bu şanly waka myynasybetli köpçülikleýin çäreler ýaýbaňlandyryldy. Asylly däbe görä, baýramçylyk çäreleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň binanyň öňündäki meýda...
Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwleti...
Ýörite gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini we psihotrop maddalary ýok edildi
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde geçiren birnäçe gözleg işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem-de neşe serişdelerini, çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Ýurdumyzyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy toparyň hem-de Içeri işler ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre döwletimiziň we jemgyýeti...
Ýurdumyzyň täze raýatlaryna pasportlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilenlere pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň raýatlylygyna kabul edilen adamlar raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülm...
BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat
Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň—Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, şeýle hem beýlek...