SOŇKY HABARLAR
Aşgabadyň golf-kluby –iň gowy daşary ýurt tejribesi esasynda işlenip taýýarlanylan täsin taslama
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy. Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy. Aşgabadyň golf-meýdançasyny döretmek üçin tebigy aýratynlyklary bolan künjek seçilip alyndy. Onuň tebigy görnüşine binagärler özboluşly çeper görnüşi goşup, meýdançanyň has amatly bolmagyny we ruhuň göteriji häsiýetini şertlendiripdirler....
Jek Niklaus Türkmenistanda golf sportuny ösdürmäge geljekde hem ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Niklaus” kompaniýalar toparynyň baş direktory Jek Niklausy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzdaky Golf-klubuň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu klubuň döredilmegi sportuň bütin dünýäde meşhur bolan golf görnüşini Türkmenistanda ösdürmäge ýardam etmelidir. Jek Niklaus ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň hem-de tutuş ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň ýurdumyz bilen özar...
Golf-klubyň açylmagy sport düzüminiň yzygiderli giňeldilýändiginiň subutnamasydyr
Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň syýasatynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi. Garaşsyz Watanymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri we şypahanalar giň gerim bi...
Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda golf-klubyň açylyş dabarasy geçiriledi
Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-klubunyň açylyş dabarasy boldy. ... Golf- toplumynyň öňündäki meýdançada bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşyjylar we köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bar. Ýurdumyzyň belli döredijilik toparlary, özleri...
AŞGABAT ŞÄHERINDE TEBIGY BETBAGTÇYLYKLARYŇ HOWPUNY GOWŞATMAK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÝAPON SEMINARY GEÇRILDI
2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (ANT) maslahatlar zalynda tebigy betbagtçylyklaryň howpuny gowşatmak boýunça türkmen-ýapon seminary geçirildi. Ýaponiýanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu forum, “Aşgabat şäheriniň we onuň töwereklerindäki territoriýalarda seýsmiki gözegçilikleriň kämilleşdirilmegi” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we fiziki atmosfera institutynynyň we Ýapon halkara hyzmat...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY
2017-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, stats-sekretar G.B.Karasin bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň özeni bolup durýan ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyň işjeň ösüşini bellediler. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderleýin we ulgamlaýyn ösüşiniň berk binýady hökmünde çykyş edýän ýokary d...
TÜRKMENISTAN PARLAMENTARA BILELEŞIGIŇ AGZASY BOLDY
2017-nji ýylyň 15-nji oktaýbrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi. Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu Bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara d...