SOŇKY HABARLAR
Türkmen-russiýa ylalaşyklarynyň toplumyna gol çekildi
Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň gatnaşmagynda: Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Ylalaşyga; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Tür...
TÜRKMENISTANDA RUSSIÝANYŇ MEDENIÝET GÜNLERINI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Döredijilik çäresiniň dabaraly açylyşy üçin saýlanyp alnan Döwlet medeniýet...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada düýn gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy döwletara dialogyň ýokary ösüşini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösü...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşýar. BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary F.Grandi giriş sözi bilen çykyş edip, “olimpiýaçy bosgunlara” goldaw bermegi BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Müdirligi öz hereketiniň bir ugry hökmünde kesgitländigini belle...
Türkmen türgenleriniň döwlet baştutanyna sowgady Prezident muzeyine tabşyryldy
Aşgabat Azidasynda Watanymyza wekilçilik eden türgenleriň we tälimçileriň adyndan milli köpçülikleýin sport we bedenterbiýe, olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan, “Aşgabat 2017” oýunlary geçirmek başlangyjy bilen çykyş edip, Aziada taýýarlyk döwrüniň tutuş dowamynda oňa gönüden-göni ýolbaşçylyk eden, sagdan durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyzçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen welosiped Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýine da...
Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Siziň Alyhezretiňiz, Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli polýak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn. Polşa Respublikasy Türkmenistanyň türkmen döwletiniň howpsuzlygynyň, garaşsyzlygynyň hem-de ykbalyny özbaşdak çözmäge hukugynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna hormat bilen garaýar. Türkmenistanyň durnukly ösmeginiň ýurduň rowaçlygyna hem-de onuň halkynyň ab...