img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
SAUD ARABYSTAN PATYŞALYGY - ER-RIÝAD
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Sen

Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder

Bosgunlaryň ýygyndy toparynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryň ýeňil atletika ýapyk sport meýdançasynda çykyş etjek düzümi kesgitlenildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetde habar bermeklerine görä bu toparyň ýolbaşçysy marafon aralyga ylgamak boýunça Keniýadan meşhur türgen Tegla Lorupedir. Toparyň düzümi Tegla Lorupe tarapyndan Naýrobide esaslandyrylan “Parahatçylyk gaznasynyň” howandarlygynda guralan saýlama ýaşlaryň jem...

DOWAMY
pic
11 Sen

Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýa...

DOWAMY
pic
11 Sen

Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy. Ýurdumyzyň Merkezi bankynda geçirilen metbugat maslahatynda...

DOWAMY
pic
11 Sen

TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR

2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...

DOWAMY
pic
9 Sen

Ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etdiler

Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.  Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen "Türkmenh...

DOWAMY
pic
9 Sen

AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...

DOWAMY
pic
7 Sen

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi. Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary,...

DOWAMY