SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA
2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...
BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREMÝERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedo...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de türkmen jemgyýetiniň ýokary demokratik derejesini aýdyň görkezdi. Türk...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlik üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň yglan eden netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Prezidenti wezipesine saýlanan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2022-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, uzak ýyllaryň dowamyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine hem-de netijeli häsiýetine kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatl...