SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRANYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGURLARYNY MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 30-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýu...
TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 30-31-nji maýy aralygynda iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda bolýar. Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar, ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns merkezinde saklanýan möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI 10-NJY NEWA HALKARA EKOLOGIÝA KONGRESINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Sankt-Peterburgda geçirilýän onunjy Newa halkara ekologiýa kongresiniň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy umumy mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň daşky gurşawy goramakdan we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdygy barada nygtady. Amatly daşky gur...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ GAÝTADAN SAÝLANYLAN PREZIDENTINE GUTLAG HATY IBERILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli Rejep Taýyp Ärdogana gutlag hatyny iberdiler. Gutlag hatynda türkmen halkynyň adyndan türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türk Liderine tüýs ýürekden çykýan gutlaglar...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Şu gün, 2023-nji ýylyň 29-njy maýynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanylan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylan Prezident Rejep Taýyp Ärdogany türk halkynyň durmuşyndaky iň taryhy gün, demokratiýa eradasy esasynda gazanan syýasy üstünligi we ýeňşi mynasybetli türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMENISTAN BILEN BSG-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew Aşgabada iş sapary bilen BSG-a goşulmak departamentiniň müdiri Maika Oşikawa bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň BSG-niň Sekretariaty bilen bu ugurda kesgitli ugurlary göz öňünde tutýan hyzmatdaşlygy g...