آخر الأخبار
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär, ýagny ýurduň diplomatik gullugynyň we beýleki döwlet edaralarynyň işgärleri döwlet serhediniň goraglylygy, gümrük, sanitar, fitosanitar we ýükleriň serhet üstünden geçirilmeginde amal edilýän barlagyň hem-de gözegçiligiň gaýry görnüşleriniň meseleleri babatynda «Таliban» hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary saklaýarlar. Şu nukdaýnazardan nygtaýarys, ýagny türkmen-owgan serhedindäki «Ymamnazar-Аkina» hem-de «Serhetabat-Тurgun...
TÜRKMENISTANYŇ MAZARI-ŞERIFDÄKI BAŞ KONSULY BALH WELAÝATYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşn...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Hyrat welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň Owganystanyň günbatar sebitlerindäki işine degişli bolan guramaçylyk we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhy hem-de medeni umumylygynyň häzirki wagtda we uzakmöhletleýin g...
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýo...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA DOHADA GEÇIRILÝÄN HALKARA DUŞUŞYGA GATNAŞÝAR
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar. Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar par...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖŇ GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
Şu gün, 6-njy awgustda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri...