SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY ÖŇ GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerine, şol sanda iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän öňde duran çäreleriň tertibine hem...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ MESELELERINE SEREDIP GEÇDILER
Şu gün, 6-njy awgustda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşygy geçirildi. Gyrgyzystanyň Döwlet baştutany Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar, şeýle-de ikitaraplaýyn özara hereketleriň ileri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 6-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi. Iki ýurduň Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady ugurlar boýunça özara hereketletiň has hem giňeldilmegi üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri tu...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň çäklerinde Prezidentler ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugry boýunça meseleleriň giň toplumyna seredip geçdiler. Şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň ileri t...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ PREZIDENTLERI «АWAZADA» TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň barşynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändikleri ýene-de bir gezek tassyklany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «АWAZADA» BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda sebitiň ýurtlarynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsa...
TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Mejlise şeýle-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň başlygy Natalýa German gatnaşdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bu mejlisiň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Ykdysady forumy, Merkezi Aziýanyň ýurtlaryn...