آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝADA ÖZARA HYZMATDAŞLYK WE YNAMY BERKITMEK ÇÄRELERI BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ (CICA) VI SAMMITINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Astana şäherinde Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI Sammiti geçirildi. Onda Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Ýokary derejeli halkara sammitiň işine döwlet we hökümet baştutanlary, gatnaşyjy-ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri, ýolbaşçylary hem-de synçy döwletleriň, synçy halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryn...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...
“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde gatnaşyjy-ýurtlaryň duşuşygyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň...
TÜRKMEN-KATAR HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň örän uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistany...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşdy. Şeýle hem, sammite Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wlasimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI IKAO GURAMASYNYŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
Halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Orazow 2022-nji ýylyň 27-nji sentýabryndan 7-nji oktýabry aralygynda Kandanyň Monreal şäherinde geçirilýän IKAO-nyň Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy. Çärede gurama agza döwletler we halkara guramalaryň wekilleri 21-nji asyrda howa ulaglarynyň durnuklylygyna we sanly ulgama geçmegine ýardam berjek IKAO-nyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň hökümeti, 2012-2030-njy...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 41-NJI MEJLISINE GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 3-5-nji oktýabry aralygynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kamboja Patyşalygynyň Pnopmen şäherinde iş saparynda boldy. Gün tertibine laýyklykda, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hem-de Tomusky we Gyşky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk işleri boýunça komitetleriň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem Baş Assambleýanyň dowamynda Aziýa sebitinde spo...