آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ II HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞMAGY
2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisiniň çäklerinde hazarýaka ýurtlarynyň arasynda energetika, söwda we maýa goýumlary, ulag we logistika, «ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş, telekeçilik işi, ylym we innowasiýalar, amatsyz sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýlaryna garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlar...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, gazagystan tarapyna bolsa Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Konuspaýew ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça pikir alşyldy we iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplom...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar duşuşygyň dowamynda dostlukly, ynamly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň köp sanly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde döwletlerimiziň arasyndaky strategiki, d...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMAN SEBITINIŇ FORUMYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýurdumyzyň Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerine baha bermek üçin Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň Forumynyň ýörite wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alnyp malshatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň – Adalatçynyň edarasynyň abraýly halkara...
MILLI GEŇEŞIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry – 1-nji oktaýbry aralygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GRUZIÝANYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda R.Meredow Gruziýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygynyň hem bellenilýä...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruis Alonso bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň esasy görkezijileriniň biri ýokary derejeli gepleşikler bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Ko...