آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN SPORT ÝARYŞLARY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Ýaryşlar sportuň tennis, kiçi tennis, bilýard we woleýbol görnüşleri boýunça dört ugurda geçirildi. Bilýard boýunça «Rus piramidasy» oýnunda ABŞ-nyň Ilçihanasy birinji oruna mynasyp boldy. Billia...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisd...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 9-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ysraýyl Döwletiniň Syýahatçylyk ministri Ýoel Razwozow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny, hususan hem ykdysady we ynsanperwer häsiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Lukmançylyk we saglygy goraýyş, oba hojalygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi, tehnologiýa we ylym, şonuň ýaly-da syýahatçylyk we bilim ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary h...
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TEGELEK STOL ÇÄRESI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 7-nji fewralynda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy we bu çärä Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa Departamentiniň Direktorynyň orunbasary hanym Park Çansil, Merkezi Aziýa–Koreýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekreteriatynyň direktorynyň orunbasary Çang-sun Jee, Merkezi Aziýa...