آخر الأخبار
TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYJY BILEN UNESCAP-YŇ KARARNAMASY KABUL EDILDI
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY SAUD ARABYSTANYNYŇ PATYŞA MAŞGALASYNYŇ AGZASY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystanynyň Patyşa maşgalasynyň agzasy Emir Muhammed ben Saad ben Halid Al Saud bilen bolan duşuşygynda sazlaşykly ösýän köptaraply hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda däl, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Gur...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” BIRINJI SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Hyta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr d...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «KAZANFORUM 2023» FORUMYŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. Forumyň çäklerinde “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada” atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň geografiki ýerleşişi bilen baglylykda, daşamala...
“ÝHHG-NIŇ ÇÄGINDE HOWPSUZLYGY, DURNUKLYLYGY WE DIALOGY BERKITMEKDE BITARAP DÖWLETLERIŇ ORNY” ATLY HALKARA MASLAHATY BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady. Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek “Herekete çagyryş — Helsinki+50”...
SERBIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Serbiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Momçilo Babiç bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde alyp barýan işlerine mümkin bolan ähli ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi. Syýasy-diplomatik ugurda taraplar syýasy dialogy ýokary der...