SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE SERBIÝA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
Şu gün, 7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Nikola Selakowiç bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikirler alyşyldy. Taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça türkmen-serbiýa gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine ymtylýandyklary bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-y...
OWGANYSTANDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy iýunynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI PETERBURG HALKARA YKDYSADY FORUMY 2021-E GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 3-4-nji iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.G.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň esasy maksady 24-nji Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşmakdan ybarat. Halkara möçberli bu hökümet çäre dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň hökümet agzalaryny, hususy pudagyň wekillerini we dünýäniň...
TÜRKMENISTANYŇ WE MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ ÖZARA HEREKETLERINIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir g...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ TÄZE BELLENILEN BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen Başlygy, Ilçi Jon MakGregor bilen duşuşdy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy hökmünde bellenilen täze wezipesi bilen bagly gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Ilçi Jon MakGregor Guramanyň üç sany esasy ugurlarynyň çäklerinde ÝHHG-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardygyny tassyklady. Taraplar häzirki wag...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ SERHETÝAKA WELAÝATLARYNYŇ HÄKIMLERINIŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka welaýatlarynyň häkimleriniň arasynda wideoaragtnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda owgan tarapyndan Hyrat, Badhyz, Jowuzjan we Farýab welaýatlarynyň häkimleri, türkmen tarapyndan bolsa Mary we Lebap welaýatlarynyň häkimleri çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda TOPH we TOP taslamalaryň, Turgundy-Hyrat demirýolunyň, iki ýurduň degişli welaýatlarynyň häkimlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk e...
GRUZIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK WEZIPESINI TAMAMLAÝAR
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki işiň oňyn tejribesi barada aýratyn belläp geçdile...