SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministr türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara aly...
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI
2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE SENAGAT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELDI
2021-nji ýylyň 16-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanowyň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy. Türkmen paýtagtynyň halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow garşylady. 17-nji maýda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bi...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 15-nji maýdа Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ministrler şu ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly ge...
«SOLTAN SANJARYŇ TARYHY KEŞBI WE TÜRKMEN HALKYNYŇ PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI DOSTLUK TAGLYMATY» ATLY HALKARA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň binasynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy göni hem-de wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň, şol sanda Ýaponiýanyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Yragyň, Alžiryň, Owganystan Yslam...