SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-KOREÝ IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Koreý tarapyndan mejlise Koreý...
TERRORÇYLYGYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGINE WE GURAMAÇYLYKLY JENAÝATLARA GARŞY GÖREŞ BOÝUNÇA ÝHHG-NYŇ SEBITLEÝIN MASLAHATY
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda ÝHHG-nyň terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş boýunça sebitleýin maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ÝHHG-nyň sekretariatynyň transmilli howplara garşy göreş bölümi bilen bilelikde guraldy. Bu çärä gatnaşmak üçin Merkezi Aziýanyň we ÝHHG-nyň beýleki gatnaşyjy döwletleriniň wekilleri, akademiýalaryň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetini...
TDIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna özboluşly sowgat boldy. Dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň weki...
AŞGABATDA ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDE HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DIALOG GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ýer gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi. Çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokar...
TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar. «Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň d...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞMEK BABATDA IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwen...